YKDYSADYÝET

Türkmenistan Gyrgyzystana 500 kWt/sag-dan gowrak elektrik energiýasyny iberer

Türkmenistan Gyrgyzystana 500 kWt/sag-dan gowrak elektrik energiýasyny iberer

Türkmenistan 2021-nji ýylyň awgust-dekabr aýlary aralygynda Gyrgyzystana 501,9 million kilowatt/sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Degişli ylalaşyga Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow hem-de Gyrgyzystanyň energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew gol çekdi. Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gazanylan ylalaşygyň çäklerinde 9-njy awgusta çenli Özbegistanyň üsti bilen Gyrgyzystana 19,2 million kWt/sagat türkmen elektrik energiýasy iberildi. Şunuň bilen ugurdaş, Gyrgyzystana türkmen tebigy gazyny eksport etmek boýunça hem gepleşikler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: