«Takyk baha» hususy kärhanasynda 3 müň 600 kub metr demirbeton önümleri öndürildi
«Takyk baha» hususy kärhanasynda şu ýylyň geçen üç aýynda demirbeton önümleriniň 3 müň 600 kub metri öndürilip, müşderilere ugradyldy. Netijede, geçen döwürde 9 million 775,7 müň manatlyga ýakyn iş edildi.
Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1 müň 700 kub metr önümiň köp öndürilendigini aňladýar. Has takygy, geçen ýylyň ilkinji üç aýynda kärhanada gurluşyk-gurnama işlerinde giňden ulanylýan bu önümleriň 1 müň 900 kub metri çykarylypdy. Şonda 7 million 540,7 müň manatlykdan gowrak iş ýerine ýetirilipdi.