Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda şu möwsümde 75 müň 370 owlak-guzy alyndy.

Bu meýilnamanyň 100 prosentden gowrak ýerine ýetirilendigini aňladýar. Has takygy, 80 müň 460 müň gowrak ene dowardan göz öňünde tutulanyndan 333 owlak-guzy köp alyndy.

Welaýatda maldarçylyga ýöriteleşdirilen sekiz hojalyk bar. Häzirki wagtda olarda jemi 213 müňe ýakyn dowar idedilýär. Döwletli etrabynyň «Tallymerjen», Çärjew etrabynyň «Serdar», Halaç etrabynyň «Garagum» we Köýtendag etrabynyň «Dagly» maldarçylyk hojalyklarynda diňe bir welaýatda däl, eýsem, ýurtda hem ilkinjileriň hatarynda owlak-guzy alyp başladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: