YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň maldarlary gyş möwsümine taýýarlykly baýarlar

Lebap welaýatynyň maldarlary gyş möwsümi üçin ot-iým taýýarlamak işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda alyp barýarlar.

Şu döwre çenli welaýatyň ähli hojalyklary boýunça bedäniň 5620,7 tonnasy, gaty baldakly otlaryň hem 7720,5 tonnasy taýýar edildi. Dowardarlar taýýarlanylan ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaýarlar, kaşarlary, ýyly agyllary abatlaýarlar.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda häzirki wagtda gara mallaryň 1,1 müň başa golaýy, dowarlaryň 185,5 müňden gowragy, düýeleriň hem 2295-si idedilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: