YKDYSADYÝET

Türkmen hünärmenleri täze köpriniň taslamasyny taýýarladylar

«Türkmenawtoýollary» Döwlet konserniniň taslama institutynyň hünärmenleri Garabogaz köl bogazynyň üstünden guruljak köpriniň taslamasyny taýýarladylar. Bu binany «Altkom» ukrain gurluşyk kompaniýasy gurar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga rugsat berilipdi.

Tizlikde ukrain kompaniýasy köprüniň gurluşygyna girişer. Onuň uzynlygy 354 metre, ini 17 metre barabardyr. Dört zolakly köprüniň üstünden her tarapa ulaglaryň iki hatary hereket edip biler. Onuň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Köpri Türkmenbaşy şäherini Gazagystanyň araçägi bilen birleşdirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: