Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Soltanyýazgala geňeşligindäki S.Seýdi ýadygärliginiň öňünde türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabara geçirildi.
Onda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri milli baýrama bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlary ýaňlandy. Tansçylar özleriniň sazlaşykly hereketleri bilen aýdymlara özboluşly öwüşgin berdiler. Folklor toparlarynyň çykyşlarynda türkmen milli däp-dessurlary beýan edildi.
Şeýle-de serkerde şahyryň ýadygärliginiň öňünde lebaply şahyrlar Agamyrat Soltanow, Mahym Rozyýewa, Agageldi Italmazow dagylar türkmen bedewini wasp edýän goşgularyny okadylar.
