TÜRKMENISTAN HABARLARY

Täjik türgeni Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň halklaryň arasyndaky dostlugy berkitjekdigine ynanýar

Täjigistanyň Kuraş federasiýasynyň türgeni Haknazar Nazarow Aşgabat şäherine gelip, «Jeyhun.news»-yň habarçysyna interwýu berdi. Ol öz interwýusynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hallklaryň arasyndaky dostlugy has-da berkitjekdigine ynanýar.

«Kuraş sporty Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Bu başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy, ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwürýär. Esasy zay zat bolsa soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasynda sport hereketlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, biz ― türgenler üçin guwandyryjydyr. Dostlukly ýurduň paýtagty Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deň-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň täze derejelere çykmagyna ajaýyp şert döretdi. Şeýle iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: