SPORT WE SYÝAHAT

Abdumalik Orifow: «Dünýä çempionaty türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa öwrüler»

Şu günler Aşgabat şäherinde geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna Ýer ýüznüiň 53 döwletiniň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Täjigistan Respublikasynyň hem wekilleri bar.

Dostlukly döwletiň Kuraş federasiýasynyň wekili Abdumalik Orifow «Jeyhun.news»-yň habarçysyna beren interwýusynda dünýä çempionatynyň özünde galdyran täsirleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

«Täjigistan bilen dostlukly Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň günsaýyn täze ösüşlere eýe bolmagy juda buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ynha, sanlyja pursatlardan dostlukly ýurduň paýtagty ýene bir iri sport ýaryşyny kabul eder. Kuraş boýunça dünýä ä çempionaty türkmen sportunyň taryhynda täze sahypa öwürler.

Türkmenistanda iri halkara ýarylarynyň geçirilmegi hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir».

Şu gün ― 25-nji noýabrda açylyş dabarasy geçirilýän çempionatyň ýaryşlary 27 ― 28-nji noýabr günlerinde bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: