Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezi açyldy

Apr 25, 2021

Şu gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa teleköpri arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Merkez Farap etrabynyň merkezinde ýerleşýär we bir gektar meýdany tutýar. Onuň gurluşygyna 2020-nji ýylyň awgust aýynda girişildi we dokuz aýa galman, tamamlandy. Ony Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň buýurmasy bilen «Bary» hojalyk jemgyýeti gurdy. Onda dolandyryş jaýy, tohumçylyk we seçgiçilik işleri üçin 70 orunlyk it ýatagy, itleri gezdirmek we türgenleşdirmek, bäsleşikleri we gözden geçirilişikleri guramak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Itleriň saglyk ýagdaýyna, gözegçilik etmek, kesellerini anyklamak we bejermek üçin ähli mümkinçilikleri döredilen weterinariýa gullugynyň jaýy, işgärleriň dynç almaklary üçin otaglar bar.
Bu ýere daşky eltiji inženerçilik ulgamy çekildi. Umumy uzynlygy 2,8 kilometre barabar suw geçiriji, 4,5 kilometrden gowrak gaz geçirijisi, 1,7 kilometrden gowrak elektrik geçiriji liniýasy guruldy.
Merkeziň açylyş dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde ilkini gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna gabat geldi.
Türkmenistanda türkmen alabaýlaryny saklap galmak, köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany ýurtdan jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bolup, olaryň sany yzygiderli köpelýär. Itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi. Türkmenistanda ilkinji gezek «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşigi geçirildi. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medal döredildi.

Leave a Reply