«Parahat» tebigy miwelerden suw taýýarlaýar
Datly miwe suwlaryny öndürmekde meşhurlyk gazanan «Parahat» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde 200 gektar ýerde üzüm, erik,şetdaly ýaly miweli baglary ýetişdirýär.
Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýokary. Üstesine-de bu ýerde şireli içgileri ýerli önümleriň hasabyna taýýarlamak işi ýola goýuldy. Hususy kärhana ýakyn wagtda erik, alma, şetdaly, armyt, üzüm ýaly miweleriň hem-de kädi, käşir, pomidor ýaly gök-bakja önümleriniň uly möçberini amatly bahadan satyn almagy meýilleşdir. Munuň üçin oba hojalyk pudagynda iş alyp barýan hususy telekeçiler we daýhanlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Hususy kärhanada miwe suwlary 2015-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýär. Olar Türkmenistanyň ähli künjeklerindäki söwda nokatlarynda we dünýä bazarynda ýerlenilýär.