TÜRKMENISTAN HABARLARY

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygary we nyşany makullanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň şygaryny we nyşanyny makullady. Olar Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 1-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi

Döwlet Baştutany «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» diýen şygaryň hem-de nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan «2022» san şekillendirildi. Milletiň Lideri bu çäräni halkara talaplara laýyklykda, üstünlikli geçirmek maksady bilen, oňa taýýarlanmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belledi. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: