TARYH

Suwuň aşagynda 70 ýyl mundan öň suwa basdyrylan oba çykdy

Italiýanyň Kuron obasyny 1950-nji ýylda suwa basdyrdylar. Indi bar zat üýtgedi, diýip «mail.ru» ýazýar.
Suwuň aşagynda galan Kuron obasy Lago-di-Reziýa kölüniň aşagynda galypdy. Ol Italiýanyň demirgazygynda dag jülgesindäki iki kölüň ýerinde emeli döredilipdi. Ýakynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin kölüň suwuny aýyrdylar.
1950-nji ýylda bu ýerde elektrik stansiýasyny gurmak hakynda karara gelnenden soň Kuron suwa basdyrylypdy. Obada 160 öý bardy we onda takmynan 1000 adam ýaşaýardy. Onuň ýaşaýjylary goňşy obalar göçüpdiler.
Soňurak dogduk mekanyny terk etmek islemedikler kölüň gyrasynda täze obany emele getiripdiler. Bu ýer syýahatçylaryň gowy görýän ýerine öwrüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply