TARYH

150 ýyla ýakyn mundan ozal taryhda futbol boýunça ilkinji gezek ýygyndy toparlaryň duşuşygy geçirildi

Ine, bu barada «mail.ru» şeýle ýazýar.
1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda futbolyň taryhynda ilkinji gezek ýygyndy toparlaryň resmi ýaryşy boldy. Şonda Glazgoda Şotlandiýanyň we Angliýanyň ýygyndylary duşuşdylar. Oýun 0:0 hasaby bilen deň tamamlandy. Ýöne duşuşygyň öňünden bolup geçen wakalar bu gün gyzykly we azyndan täsin bolup görünýär.
Futbol assosiýasynyň sekretary Çarlz Olkok 1870-nji ýylyň fewralynda sport gazetinde güýçli iňlis we şotland futbolçylarynyň arasynda duşuşygyň geçiriljekdigi barada bildiriş ýerleşdirdir. Onda oýun bilen gyzyklanýanlar üçin habarlaşmak üçin guramaçylaryň atlarynyň sanawy we salgylary bar eken.
1870-ni ýylyň noýabryndan 1872-nji ýylyň fewralyna çenli Londonyň töwereginde ýaşaýan we işleýän, gurply iňlislerden we şotlandlardan durýan toparlar dört gezek duşuşypdyrlar. Ýöne olar resmi ýaryş diýlip hasap edilmändir.
Tizlikde Glazgonyň «Kuinz Park» kluby oýunlaryň birini Glazgoda oýnamagy teklip edipdir. Şondan soň 1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Angliýa bilen Şonlandiýanyň ýygyndylarynyň ilkinji duşuşygy geçiripdir. FIFA hut şu senäni resmi diýip hasaplaýar.
Oýun ýagyş suwundan doly «Gamilton Kresent» stadionynda janköýerleriň dört müňüsiniň gatnaşmagynda geçirilipdir.
Şotlandýanyň ýygyndysynyň 11 oýunçysynyň ählisi hem bir klubyň — «Kuinz Parkyň» oýunçylaryndan durupdyr. Şol wagt ol iň üstünlikli çykyş edýän topar eken. Häzir ol höwesjeň topar bolup çykyş edýär. Iňlisleriň toparynyň agzalary dokuz sany dürli toparlarda oýnaýan ekenler.
Oýna şotlandiýaly Uilýam Keb eminlik edipdir. Şol wagt oýunçylar çalşylmandyr, şonuň üçin hem 22 futbolçy oýnuň ahyryna çenli ylgamaly bolupdyr.
Gazetlerde berlen synlarda Angliýanyň oýunçylarynyň birnäçesiniň şikes alandygy sebäpli Şotlandiýanyň toparynyň gowy oýnandygy barada ýazypdylar.
Şondan bäri Şotlandiýa bilen Angliýa 114 gezek duşuşypdyr. Olarda 48 gezek iňlisler, 25 gezek şotlandlar ýeňipdirler, 41 gezek bolsa deňme-deň oýnapdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply