TARYH

Polşaly arheologlar Müsürde gadymy şäher tapdylar

Müsüriň demirgazyk böleginde, Marea portunyň ýanyndaky ilatly ýerinden uzak bolmadyk ýerde polşaly arheologlar çägäniň aşagyndan hristian ybadatçylaryny kabul etmek üçin niýetlenen gadymy şäher tapdylar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Taryhçylar gurluşlaryň harabaçylygyny tapdylar. Olaryň käbirleriniň beýikligi 0,5 metre ýetýär. Gadymy şäher Mareotis kölüniň kenarynda ýerleşýär. Alymlar ol Aleksandr Makedonskiniň döwründe esaslandyrylandyr diýip çaklaýarlar.

Bu döwür üçin Müsürde täze şäher gurluşygyny alyp barmak häsiýetli alamat däl. Şonuň üçin hem, tapyndy alymlary haýran galdyrdy. Şäher üstünlikli ösüpdir we biziň eramyzyň VIII asyrynda Müsüriň çäklerinde araplaryň höküm sürüp başlan döwrüne çenli baýapdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: