MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen halysy — gözelligiň nusgasy» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan sergini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi we muzeý bilen bilelikde guradylar.
Onda muzeýiň gaznasynda saklanylýan, XVIII-XX asyrlara degişli bolan haly we haly önümleri, torbalar, çuwallar, düýebaşlyklar, gapylyklar goýuldy. Gadymy «Beşir», «Derwezegöl», «Gülýaýdy», «Perreň» ýaly welaýata mahsus nagyşly halylar, şeýle-de Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň ýüpek halylarynyň dürli görnüşleri, tebigy boýaglar bilen boýalyp, keleplenilen ýüpler, ýumaklar, ýüň kelepleýän çarhlar, daraklar, ikler, haly gaýçylary we keserleri gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.
Welaýatyň ökde halyçy gelin-gyzlary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlar serginiň ilkinji myhmanlary boldular.
Türkmen halysynyň baýramy her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply