TARYH

Dargan baba taryhy ýadygärlikleri

Orta asyr Dargan şäheriniň günorta-gündogar tarapynda ýerli ilat tarapyndan Dargan baba diýlip atlandyrylýan kümmet ýerleşýär. Häzir bu şähristandaky ýeke täk saklanyp galan binadyr. Ol birwagtky Darganyň hökümdary Mizrabşanyň kümmetidir. Ol taryhy çeşmelerde köplenç “Darganata mazary” ady bilen gabat gelýär. Kümmediň ady “Darugan Ata” görnüşinde XVII asyrda Abulgazynyň işlerinde hem ýatlanýar. XIV asyryň ahyrynda we XV asyryň başlarynda Emir Temiriň ýörişlerinden soň Dargan şäheri kem-kemden ýaşamagyny bes edýär. Şondan soň kümmediň ady töwereginde ýaşaýan ilat tarapyndan “Darganata, Darganbaba” kümmeti diýip atlandyrylyp başlanypdyr. Emma arheolog H.Ýusupow bu adyň soň dakylandygyny, mazaryň daşynda arap harpynda Mizrap Padit atly biriniň adynyň ýazylandygyny aýdýar.
Magtymguly Pyragy “Hezarystanasary” atly şygrynda bu kümmet barada:
Nurata, Baba Dargan,
Degresi derýa, gorgan,
Bardyk sary Bakyrgan,
Şol Türküstana sary —
diýen setirlerde ýatlaýar.
Häzirki wagtda ýerli ilat tarapyndan bu ýerde VIII asyryň görnükli arap serkerdesi Abu-Muslim Horasanynyň jaýlanandygyna ynanylýar. Ýerli ýaşulylaryň aýtmaklaryna görä, 1970-1980 ýyllara çenli bu mazara Dargan babaň mazary diylip, ondan soňky ýyllarda Abu-Muslimiň mazary diylip başlanypdyr.
Ol 26-27 santimetr ölçegindäki, galyňlygy 4-4,5 santimetre ýetýän dörtburç kerpiçden gurlupdyr. Palçyk garyndy bilen örülipdir. Ol iki sany otagdan ybarat bolup, gapysy demirgazyga bakdyrylypdyr. Onuň gümmezi sekizgyraňly arkanyň üstünde ýerleşdirilipdir. Onuň içinde hiç hili bezeg alamatlary saklanyp galmandyr.
Dargan baba mazarynyň meşhurlygy XIX asyrda Hywa hanlarynyň bu ýere zyýarata gelmegine sebäp bolupdyr. Hywa hany Allaguly han 1826-njy ýylda Eýrana ýörişi mahalynda bu ýerde zyýarat edip, sadaka beripdir. Hywa hany Muhammet Emin han kümmetde dikeldiş işlerini geçiripdir. Ýöne ol abatlaýyş işleri doly gutarnykly bolmandyr. XX asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalarynda Darganata kümmetinde geçirilen barlaglaryň netijesinde, ol ýerde 5 sany adamyň jaýlanandygy anyklandy.
Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, kümmetde Darganat,a ýagny, Hydyr ata we onuň ejesi Nur elti, Mizrab Şa hem-de Abu-Muslimiň tarapdarlaryna söweş paltalaryny ýasan Ussa Hürdek jaýlanypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply