«Türkmen gündogary» gazetinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýänler üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň maglumaty çap edildi.
Onda 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 1-nji sentýabra çenli Awazada dynç almak üçin ýüze çykýan soraglara jogap bermek maksady bilen, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda gyzgyn telefon belgileri döredilendigi (119) habar berilýär. Şonuň ýaly-da raýatlar aşakdaky telefon belgilerine jaň edip, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp biljekdikleri aýdylýar:
Aşgabat şäheri (80012) 93-82-12
Ahal welaýaty (800137) 33-1-40
Balkan welaýaty (800222) 6-03-95
Daşoguz welaýaty (800322) 2-55-96
Lebap welaýaty (800422) 3-10-24
Mary welaýaty (800522) 4-42-53
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlara COVID-19-a garşy sanjym geçirmek üçin kesgitlenilen nokatlar:
Lebap welaýaty:
Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: (800422) 3-50-59; 3-50-70.
Kerki etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800444) 2-00-03; 2-03-22.
Seýdi şäher hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölümi: (800446) 7-02-58; 7-00-21.