JEMGYÝET

Sürüjiler we pyýadalar bilen düşündiriş işlerini geçirdiler

Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň wekilleri sürüjileriň we pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirdiler. 

 

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen çärede sürüjiler we pyýadalar bilen şahsy düşündiriş işleri geçirildi. Onuň dowamynda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegi, ýokanç we ýokanç däl kesellerden goranmagy, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekenlere lukmandan deslapky kömek bermegiň düzgünlerini düşündirýän neşir önümleri paýladylar.

Şeýle çäreler Lebap welaýatynyň etraplarynda hem geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: