• Wed. Sep 30th, 2020

Ekiz gyzlar bäsleşdiler

Apr 10, 2020

Kerki şäherinde ekiz gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap  geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşdylar.

Olar bäş şert: salamlaşmak, el hünärini görkezmek, gül çemenini bogmak, sahnajyk goýmak, eminler toparynyň sowallaryna jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Netijede 31-nji orta mekdebiň okuwçylary Dünýä we Dursun Annakowalar deň-duşlaryndan  tapawutlandy we birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 36-njy orta mekdebiň ekizleri Oguljan we Güljan Aşirowalar ikinji, 22-nji orta mekdebiň ekizleri Şirin hem-de Şeker Imamowalar üçünji orunlara mynasyp boldular.

Поделиться ссылкой: