JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Daşoguzda boldy  

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň topary Daşoguz welaýatynda döredijilik saparynda boldy. Olar goňşy welaýatyň medeniýet ojaklarynda ildeşlerimize gülki agşamlaryny, degişme sahnalaryny we teatrda sahnalaşdyrylan oýunlary, aýdym-sazly çykyşlary sowgat etdiler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Teatryň artistleri Gülbahar Gurbangulyýewanyň, Dilaram Nurmämmedowanyň, Bagsere Röwşenowanyň, Taýly Allaberdiýewiň, Şöhrat Atabaýewiň ýerine ýetiren sahnalary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanowyň, ýaş aýdymçy Nurýagdy Rejepowyň ýerine ýetiren aýdymlary sungat muşdaklarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Döredijilik saparynyň dowamynda teatr işgärleri daşoguzly kärdeşleri bilen sungaty ösdürmegiň meseleleri barada özara pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: