DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«WhatsApp» gizlinligi söz berip, öz ulanyjylaryny aldady

Okyjylar köpçüliginiň arasynda meşhurlyga eýe bolmadyk, ýöne professional dünýäde örän uly hormat goýulýan  «ProPublica»  onlaýn-media iki milliarddan gowrak adam peýdalanýan dünýäniň iň meşhur messenjeri «WhatsApp»-nyň işiniň barlagynyň netijeleri boýunça makala çap etdi. Žurnalistler doly gizlinlik söz beren hem bolsa, messenjeriň eýesi bolan «Facebook» ulanyjylaryň habarlaryny görüp bilýär. «ProPublica»-nyň ýapýan günäsi ondanam beter: «Facebook» bireýýäm dünýäni elýeter, adamlary biri-birine ýakyn etmek üçin durmuşy set bolmagyny bireýýäm bes etdi, diýip barlag geçirenler tassyklaýarlar. «WhatsApp»-nyň ulanyjylarynyň hatlaryny nähili okaýandygy barada «lenta.ru» jikme-jik ýazýar.

«ProPublica»-nyň «Facebook» we «WhatsApp» baradaky materiallary çap edilenden soň barlaglar halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekdi, olaryň köpüsi makalanyň tekstini üýtgetmän çap etdiler. Žurnalistler «WhatsApp»-ny ulanyjylaryny yzarlamakda we zowwam şifrleýän tehnologiýanyň ýokdugynda aýyplaýarlar. Messenjerleriň eýeleri şu tehnologiýany goýdurjak bolýarlar. Ol üçünji adamyň başgalaryň habaryna alyp bilmez ýaly edýär. Iberilen wagty habar tertipsiz kodlanýar we alan adamyň enjamynda okar ýaly bolup açylýar.

Žurnalistleri ýat adamyň habaryny okamaga mümkinçiligiň bardygy üşertdirýär. «ProPublica»-nyň žurnalistleri «WhatsApp»-da zowwam şifrlemäniň bardygyna güman edýärler we «Facebook»-nyň ulanyjylar barada maglumat toplaýan edepsiz maşyny döredendigini paş edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: