JEMGYÝET

TAP-yň ýolbaşçylary Lebapda saparda boldular

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň ýolbaşçylary ýakynda welaýatymyzda saparda bolup, zähmetkeşler bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu duşuşyklarda ýurtda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleri hem-de bu özgertmeleri dogrusynda pikir alşyldy.

Şenbe gününde geçirilen duşuşyklara Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde badalga berildi. Bu duşuşyga jemgyýetçilik işiniň öňdebaryjylary gatnaşdylar.

Welaýat merkezindäki duşuşykdan soň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň ýolbaşçylary Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryna baryp, bu ýerde pagtaçy we gallaçy kärendeçiler bilen duşuşdylar.

Duşuşyklarda ýurtda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň öz gözbaşyny oba zähmetkeşleriniň erk-isleginden alyp gaýdýandygy aýratyn nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: