BIZE YAZYARLAR

Sungata aśyk bagtyÿar  ÿaślar

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde ähli döredijilik  toparlary  bilen bir hatarda  birnäçe ýyldan bäri ″Kirişli saz gurallar″ bölüminiň zehinli mugallymlaryndan  we  talyplaryndan düzülen  kirişli kwarteti  döredijilikli  we öndümli işleýär. Bu  toparyň düzüminde mugallymlar Rahmetjan Huseýinow, Anwar Jumakulyýew, Merdan Çaryýew  we ″Kirişli saz gurallar″ bölüminiň 4-nji ýyl talyby Mekan Ilmuradow bar. Kwartetiň   ýaňy döredilenine seretmezden özüniň ýerine ýetirýän eserleri we sazandalaryň ezberligi ähli diňleýjileri özüne maýyl etdi. Toparyň meýilnamasynda  dünýä belli meşhur kompozitorlar bilen bir hatarda türkmen nusgawy we ýaş  kompozitorlarynyň ajaýyp eserleri  bar. Olardan G.Gendel ″Passakaliýa″, A.Agajykow  kirişli saz gurallar üçin  kwartet,  B.Azaraşwilli ″Noktýurn″, P.Moriýa ″Tokkata″, A.Pýatsola ″Tango″, A.Pýatsola ″Libertango″, N.Halmämmedow ″Aýgytly ädim″ kinofilminden ″Aýnanyň aýdymy″, P.Çaýkowskiý Wals , F.Şubert ″Awe Mariýa″, R.Nepesow ″Bahar walsy″ ýaly eserleri aýtmak hökmanydyr. Kwartet  Lebap welaýatynda geçirilen  ″Senetçilik  we amaly-haşam  sungaty  dünýä  halklarynyň  mirasynda″ atly  Halkara  festiwalynda, Türkmenabat  şäheriniň  çeperçilik  mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň  nakgaşlarynyň  we  suratkeşleriniň  sergisinde , şeýle-de welaýat derejesinde  geçirilýän  dabaraly  çäreleriň  ählisinde  üstünlikli çykyş edip gelýär.

Lebap welaÿat ÿörite sungat mekdebiniñ mugallymy Anwar Jumakulyÿew

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: