BIZE YAZYARLAR

Balarylaryň gyzykly durmuşyndan…

Tebigatyň özboluşly owazy bar. Biziň ata-babalarymyz janly-jandarlaryň, guş-gumrularyň, ösümlikleriň adamlara edýän täsirlerini inçeden öwrenipdirler. Işeňňir, arassaçylyga, tertip-düzgüne sarpa goýýan balarylaryň gyzykly durmuşynda haýran galdyrjak pursatlar az däl. Ynsanyň balary bilen dostlugy ir wagtlardan bäri dowam edýär.

Balarylar ilkibaşda agaçlaryň deşiklerinde, daglaryň gowaklarynda, jaýryklarynda ýaşapdyrlar. Arheologlar tarapyndan tapylan tapyndylar balarylaryň 30 million ýyl öň dörändiklerine şaýatlyk edýär. Adamlar mundan 6000 müň ýyl öň balarylary idedipdirler.

Öý balarylary emeli öýlerde ýaşadylyp, tebigy duşmanlardan, gyşyň gazabyndan goralýar we olara goşmaça iýmit hem berilýär. Olar adamlaryň döreden şertlerine uýgunlaşýarlar. Ýabany arylar bolsa, durmuş üçin göreşmeli bolýarlar. Balarysynyň peýdaly önümlerinde balynda, mumynda, ary ýeliminde,  ary süýdünde, zäherinde kesel bejeriji häsiýetler bar

Olar ysly ýere barmaýarlar, atyr sepinen adamy hem özlerine ýakynlaşdyrman, çakyp goýberýärler. Ysly ýere ýalňyşyp gonan balarysy ketegine goýberilmeýär.

Ýüzärligiň tüssesi ýyladyşhanadaky ösümliklere gowy täsir edýär. Ýöne balarylary tüssäniň ysyny alsalar, hiç ýere çykmaýarlar.  Olar häsiýeti boýunça juda ätiýaçly. Balarylary tüýli eşik geýip ýanlaryna barsaň, ýabany haýwandyr öýdüp ýanyna goýbermeýärler. Bu häsiýet olaryň ýabany döwürlerinden galan endigi.

Olar şemally gün hiç ýere çykmaýarlar we işlemeýärler. Balarylary juda işeňňirligi we arassaçyllygy bilen tapawutlanýar.  Olaryň bal ýygnaýyşlarynda hem berk düzgün-nyzam bar. Balarylaryň her toparynyň öz ýolbaşçysy we keteginiň gapylarynyň hem sakçysy bolýar. Bir maşgalada ene arylar duşuşsa, olar biri-biri bilen uruşýarlar. Balçy olary aýyrjak bolsa, birden birine zeper ýetirmeli bolýar. Şonuň üçin araçy bolup goşulmaly däl. Sagdyn, güýçli ene ary maşgalany güýçlendirýär. Ene arynyň işçi synalary ösen däldir. Şonuň üçin işçi ary bilen deňeşdireniňde onuň beýnisi hem ösmedik hasaplanylýar. Maşgalada ene balary bolmasa, onda onuň agzybir ýaşaýşy bozulýar. Ony 2 ýyldan artyk saklamak maslahat berilmeýär. Diňe tohum balarylary döretmek maksady bilen olary uzagrak saklaýarlar. Işçi arylar gutynyň içindäki öýjükleri arassalaýarlar, ene aryny iýmitlendirýärler, erkek arylary maşgaladan kowup çykarýarlar, gutulary ýelejiredýärler, öýjükleri ýasaýarlar, sakçylyk işini alyp barýarlar, zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşýärler, meýdandan şire we gül tozanjyklaryny ýygnap, ondan bal we mum öndürýärler, gutulara suw ary ýelimini getirýärler. Olaryň ganatlary diňe uçmak üçin däl, gutyny ýelejiretmek üçin hem hyzmat edýär.

Balarylara golaýrak ýerde mydama radiony işledip, hoş owazly aýdymlary diňledýäris.  Saz diňlänlerinde olar has-da gowy işleýärler. Şonuň üçinem iň gowy sazlary ýazgy etdirip, olara ýygy-ýygydan diňledýäris.

Rozaý Pirnazarowa,

Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: