YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler azyk önümleriniň öndürilişini artdyrdylar

Lebaply telekeçiler ýylyň başyndan bäri azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrdylar. Olaryň iki aýda öndüren etiniň diri agramdaky möçberi 34 tonnadan geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 115 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Söwda nokatlaryna ugradylan ýumurtganyň sany bolsa 194 göterim köpeldi. Ýagny, iki aýda 1 million 934 müňden gowrak önüm alyndy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 995 müňden gowrakdy. Şonuň ýaly-da, süýdüň öndürilişi 116 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 108 göterim, konditer önümleriniň öndürilişi 175 göterim artdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: