BIZE YAZYARLAR

Diller dünýä ýol açýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Milli Liderimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli ýerine ýetirilýär. Daşary ýurt dilini bilmek halklaryň birek-birege düşünişmeklerine, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Esasy halkara dilleriň biri bolan iňlis dilini bilmek, ony öwrenmek we öwretmek ýaşlarda Watana bolan söýgini artdyrýar, olarda halkara gatnaşyklara hormat goýmagy terbiýeleýär, beýleki bir halkyň medeniýetini, ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge höwes döredýär.

Bu resminamalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde bilim ulgamynyň hünärmenleri ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň täze-täze usullarynyň gözleginde bolýarlar. Talyplara maglumatlar berlende, olaryň durmuş tejribelerine daýanmak, özara işjeňligini, ýagny interaktiw usuly peýdalanmak dünýä tejribesi nukdaýnazaryndan-da amatly hasaplanýar.

Hemmetaraplaýyn bilim — munuň özi talyplary akyl, duýgy, beden, ahlak we ruhy taýdan ösdürmek arkaly, çalt ösýän, örän çylşyrymly, dürli medeniýetli, özara baglanyşykly kämil durmuşa ýokary hilli taýýarlamak üçin niýetlenen toplumlaýyn bilim beriş usulydyr.

Iňlis dilini öwretmegiň, okatmagyň usullary birnäçe böleklere bölünýär: söhbetdeşlik, okatmak, tehniki serişdeleri ulanmak, görkezme esbaplaryny ulanmak, toparlarda ara alyp maslahatlaşmak usullary, hereketli okuw we sahnalaşdyrmak usuly. Şeýlelikde, bu usulyň esasy maksady talyplaryň dürli şertlerde özara işjeň işlemekleri üçin mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.

Iňlis dilini turuwbaşdan öwrenmek gepleşigiň, okuwyň, ýazuwyň we terjimäniň üsti bilen alnyp barylýar. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ähli görnüşlerini ulanmak mümkinçiligi bar ýerinde iňlis dilini öwrenmek has oňaýly we talabalaýyk bolýar. Talyplaryň özbaşdak işlemeklerini gazanmak, özbaşdak sözlüklerden, edebiýatlardan peýdalanmagy olara öwretmek we tekstlerdäki kynçylyklary özbaşdak çözmegi öwretmek gowy netijeleri berýär.

Iňlis dili sapagynda mugallym özünde bar bolan mümkinçilikleriň ählisini peýdalanmagy, okuw kitaplaryndan başga-da edebiýatlardan, görkezme esbaplaryndan, gazetdir žurnallardan ýerlikli peýdalanyp bilmegi talyplaryň dil öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.

Öwrenijileriň dil baýlygyny artdyrmak üçin soragnamalary ulanmak gowy netijeleri berýär. Toplanan iş tejribä salgylanyp aýdylanda, talyplaryň iňlis diliniň grammatikasyny özleşdirişini barlamak we ony berkitmek üçin test görnüşinde ýazylan soragnamalary ulanmak has oňat netije berýär. Her bir temany geçip gutaranyňdan soň, bu usuly ulanmak has-da amatlydyr.

Dil öwrenijiniň pikirlenişini ösdürmek üçin okuw tagtasy hem mugallyma gowy ýardam berýär. Onda ýazgy bilen dürli sözleri, sözlemleri düzmek, tapmak, sesleri öwrenmek işleri alnyp barylýar. Bular öwrenilýän sözleriň dil öwrenijiniň gözünde galmagy, onuň görüş ýadynyň ýitileşmegi babatda ähmiýetlidir.

Jemläp aýdanymyzda, özara işjeňlik usulynda sapak geçilende, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak örän amatlydyr.

Röwşen geljegimiz bolan ýaşlara kämil bilim-terbiýe berilmegi, daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi babatda taýsyz tagallalar edip, bu ugurda ähli mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Bilbil Allaýewa,

Köýtendag etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: