TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen Daşkende döwlet sapary bilen geldi.

«president.uz» saýtynda habar berilişine görä, belent derejeli myhmany Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow, daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Žahongir Artykhojaýew dagylar garşy aldylar.

Mähirli garşy alanlaryndan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň maşyn kerweni «Ýangi Uzbekiston» seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Serdar Berdimuhamedow toplumyň binagärlik konsepsiýasy we heýkeltaraşlyk kompozisiýasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: