«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çapa taýýarlanylan bu neşir jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär.

Çärýekde bir gezek neşir edilýän bu ylmy-amaly žurnalyň bu sanynda halkara gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmakda Türkmenistanyň esasy üns merkezinde saklanýan meseleler, amala aşyrylýan syýasy özgertmeler dogrusyndaky makalalar ýerleşdirilendir. Neşir «Hronika» bölümi bilen tamamlanyp, onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar hem-de beýleki çäreler beýan edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector