TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda aýakgap tikýän hususy kärhana işleýär

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, telekeçi Arslan Möwlamowyň «Ýelken» hususy kärhanasynda köwüş öndürilýär.
Bu sebit üçin täze ugurdyr. Telekeçi aýakgap önümçiligini döwlet tarapyndan berlen ýeňillikli karzyň hasabyna açdy. Bu ýere 17 adam zähmet çekýär. Günde 45-50 sany aýakgap öndürilýär. Aýakgap tikmek üçin gerekli çig mallary Türkmenistanyň telekeçilerinden satyn alýar. Önüm kärhananyň Kerki şäherinde, Köýtendag we Hojambaz etraplarynda açylan firma dükanlarynda satylýar. Telekeçi geljekde Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde hem dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply