SYÝASAT

Geljek hepdede Aşgabatda halkara maslahaty geçiriler

18-19-njy iýulda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahaty geçiriler. Halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen bu forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulynda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: