Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmler surata düşürildi. Olaryň ilkinji görkezilişi ýakyn günlerde bolar, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.
Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly taryhy filmi XVIII asyryň wakalaryny beýan edýär. Onuň baş gahrymany türkmen hökümdarynyň tabşyrygy bilen uzak ýola rowana bolýar. Ol ençeme synaglary başdan geçirýär…
Kinofilm ýurdumyzyň owadan taryhy sebitlerinde, tebigatymyzyň özboluşly künjeklerinde surata düşürildi.
Wepa Işangulyýew «Nejep oglan», «Galkynyş», «Gül açan miras» ýaly şowly kinofilmleriň hem režissýorydyr.
Režissýor Myrat Orazowyň «Sähra aýdymy» atly kinofilmi häzirki döwrümiz barada gürrüň berýär. Terbiýeçilik, watansöýüjilik häsiýetli kinofilm iň gowy adamçylyk sypatlary, paýtagtymyzda we oba ýerlerinde ýaşaýan öz gahrymanlarynyň ykbaly barada beýan edýär.