JEMGYÝET

Şu gün Türkmenistanda hatyra güni bellenilýär

 Şu gün  Türkmenistanda hatyra güni bellenilýär. Öten-geçenler ýatlanylýar, şehit bolanlaryň ruhunyň şat bolmagy dileg edilýär, aýat-töwir okalýar.

1948-nji ýylyp 6-njy oktýabryna geçilýän gije Aşgabat şäherinde aýylganç ýer titremesi bolup geçdi we müňlerçe günäsiz adamlaryň ömür tanapyny üzdi. Olaryň ýagty ýadygärligi bilen bir hatarda taryhyň dürli döwürlerinde uruşlarda wepat bolanlaryň ruhunyň şat bolmagy arzuw edip aýatlar okalýar. Olaryň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary ýatlanylýar.

Gonamçylyga barýarlar, ýakynlarynyň guburlarynyň öňünde aýat okaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: