YKDYSADYÝET

Sarp edijilere 789 müň 487 kub metr magdan däl gurluşyk önümleri ugradyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň welaýatyň Köýtendag etrabyndaky «Köýtendagkän» müdirliginde magdan däl gurluşyk önümlerini taýýarlamak boýunça şu ýylyň dokuz aýynyň meýilnamasy 104 göterim berjaý edildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri gurluşyk çagylynyň 140 müň 613, ýuwlan çägäniň 188 müň 573, çäge-çagyl garyndysynyň 72 müň 88, uly but daşynyň 4 müň 200 kub metri öndürildi. Degişli döwürde önümleriň 789 müň 487 kub metri ýurdumyzyň çägindäki sarp edijilere ugradyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: