JEMGYÝET

Kerkiden Türkmenbaşa we Daşoguza uçar gatnawy amala aşyrylar

Şu ýylyň 1-nji iýunyndan Kerki halkara howa menzilinden Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerine howa gatnawlary ýola goýlar. Bu baradaky maglumat «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň gatnawlarynyň rejesinde peýda boldy.

Gatnawlar hepdede bir gezek — Türkmenbaşa duşenbe, Daşoguza anna günleri amala aşyrylar. Bu ýerden Aşgabat şäherine uçuşlar hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri guralar.

Şonuň ýaly-da, Türkmenabat halkara howa menzilnden hem Türkmenbaşy şäherinde hepdäniň şenbe günleri howa gatnawy ýola goýlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: