JEMGYÝET

Türkmenistanda halkara sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde  halkara sergini geçirmegi meýilleşdirýär. Sergi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» diýen at bilen şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralar. Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: