Lebap welaýatynda alyp baryjylaryň we şahandazlaryň arasynda etrabara bäsleşigi geçirildi

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Çärjew we Hojambaz etraplarynda alyp baryjylaryň we şahandazlaryň arasynda etrabara bäsleşigi geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli guralan bäsleşige welaýatyň etrapdyr şäherleriniň medeniýet merkezleriniň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Ýerine ýetiriş ussatlygynyň ýedi görnüşi boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyjylar durmuş pursatlaryny janlandyrýan degişme sahna oýunlary, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Tejribeli medeniýet işgärlerinden düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna adalatly baha berdi. Netijede Saýat, Çärjew, Farap, Dänew, Köýtendag, Kerki etraplarynyň döredijilik toparlary öňdäki orunlary eýelediler.

Ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector