DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Stratosfera aerostatda uçmak syýahatçylaryň her birine 125 müň dollara düşer

Takmynan, 600 adam 30 kilometr belentlikden Ýeriň gözelliklere syn etmek üçin 125 müň dollardan tölemäge isleg bildirdiler. Bu barada ÝUPI habarlar agentligine bilen eden söhbetdeşliginde «Space Perspective» amerikan kompaniýasyny esaslandyryjy we onuň baş direktorlarynyň biri Jeýn Poýnter habar berdi, diýip, «ТАСС» ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, uçuşlaryň 2024-nji ýylda uçuşlaryň amala aşyrmagyna garaşylýar. Özleri üçin ýer tutup goýanlaryň hersi eýýäm 1 müň dollar depozit töläp goýdular. Birinji ýyl 25 gezek uçmak göz öňünde tutulýar. Şonda her gezek ýedi sany syýahatçy uçar. Soňra uçuşlaryň sany artdyrylar, diýip, Poýnter aýtdy.

Syýahat alty sagada niýetlenen: Iki sagatlap ýolagçylar 30 kilometr ýokary galarlar, iki sagatlap stratosferada uçarlar we ýene-de iki sagatlap kapsulada haýallyk bilen Floridanyň kenaryna ýakyn ýerde Atlantika ummanyna düşerler. Soňra syýahatçylary, kapsulany we şary gämi kenara çykarar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: