DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ilon Mask «Twitter»-iň 100% aksiýasyny satyn almak isleýär

 «Tesla»-nyň we «Space Х»-iň baştutany Ilon Mask aksiýasynyň her birine 54,20 dollar tölemek bilen, «Twitter»-i satyn almak barada başlangyç bilen çykyş etdi. Ol muny «iň oňat we gutarnykly» teklip hasap edýär, diýip, «Bloomberg»-e salgylanmak bilen, «lenta.ru» ýazýar.

Işewür kompaniýanyň gymmat bahaly kagyzlarynyň 100 göterimini satyn almakçydygyny mälim edeninden satylmagynyň öň ýanynda onuň aksiýalarynyň bahasy 12,3 göterim galdy. «Tesla»-nyň aksiýalary bolsa 1,5 göterim pese gaçdy.

Amala aşyrylmagy mümkin bolan geleşigiň bahasy 43 milliard dollara barabar hasaplanylýar. Häzirki wagtda Ilon Maskyň 260 dollar töweregi baýlygy bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: