DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Alymlar: Arktikada dinozawrlar ýaşapdyrlar

Alymlar bu sebitde bütin ýylyň dowamynda ýaşan  dinozawrlaryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu barada «Current Biology» žurnalyna salgylanmak bilen «rambler.ru» habar berýär.

Hünärmenler uly bolmadyk daşa öwrülen galyndylary tapdylar, olardan dinozawrlaryň çagalary çykan bolmaly. Ululary bolsa olary ösdüripdirler. Şundan çen tutsaň, dinozawrlar Arktikada bütin ýylyň dowamynda ýaşapdyrlar diýip aýdyp bolýar.Şeýle açyş alymlara seýrek başardýar. Sebäbi portlugy we kiçiligi sebäpli dinozawrlaryň galyndylaryny ýüze çykarmak mümkin däl diýen ýaly.Alymlar dinozawrlaryň Arktikada nähili ýaşandyklaryny ýüze çykarmagy meýilleşdirýärler. Olaryň kiçileri sürenlerde gyşlandyrlar, ululary bolsa garaharsaňlar we gabyklar  bilen iýmitlenendirler ýa-da aç gezmegi başarandyrlar diýip çaklaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: