DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Wladimir Maýakowskiniň birinji çap edilen «Men» kitaby rekord bahadan satyldy

«Литфонд» aukson öýi Kümüş asyryň seýrek kitaplarynyň we awtograflarynyň  satuwyny geçirdi. Onda kult şahyrlaryň ilkinji kitaplary bolan 250 töweregi seýrek eserleri satyn alyndy. Netijde alnan umumy girdeji 15 million rubla barabar boldy. Bu barada «Российская газета» habar berýär.

Wladimir Maýakowskiniň 1913-nji ýylda 300 sany tiraž bilen çap edilen «Men» kitaby garaşylmadyk netijäni görkezdi.Onuň başlangyç bahasy 600 müň rubl durýardy, ýöne söwdanyň dowamynda ol iki esse gowrak galdy we 1,3 million rubla satyldy.Maýakowsikini ýene bir ýygyndysy — «Ses üçin» ýygyndysy 1,8 million rubla satyldy. Şonda onuň başlangyç bahasy on esse galdy. El Lisiskiniň bezän bu kitaby 1923-nji ýylda Berlinde çap edilipdi. Şahyr  we nakgaş şol wagt şu şäherdediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: