Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda oglanlaryň arasynda Dänew etraby, gyzlaryň arasynda Türkmenabat şäheri birinji orna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde geçirilen bu ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Farap, Dänew, Döwletli we Halaç etraplaryndan jemi 68 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäheri ikinji we Farap etraby üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Dänew we Saýat etraplary degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Adblock
detector