SPORT WE SYÝAHAT

Pälwanlar ýeňiş bilen dolandylar

 Lebap welaýatynyň pälwanlary Aşgabat şäherinde kuraş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler.

 Agram derejeleriniň 30-sy boýunça geçirilen ýaryşlarda welaýatyň topary birinji orna mynasyp boldy.

 Ýaryşda ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Leýli Bahadurowa 48, Rozymeňli Meýmanowa 52 kilograma çenli agram derejelerinde altyn medallara mynasyp boldular.

 Leýli Ýusupowa 52, Kamila Zakirowa 63, Ataniýaz Amangeldiýew 90 kilograma çenli agram derejelerinde ikinji orny eýelediler.

  Dünýägözel Babaniýazowa 48, Gunça Nurgeldiýewa 70, Leýla Rahmanowa 78, Jamşiddin Ismatow we Şatlyk Hemraýew 100 kilograma çenli agramdaky türgenleriň arasynda bürünç medallara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: