SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň türgenleri 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görüp başlarlar

Türkmenistanly türgenleri 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görüp başlarlar. «2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň hem-de olaryň gatnaşmagynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: