Bu ganatlylaryň arasynda şeýle proporsiýanyň birinji mysalydyr, diýip «mail.ru» ýazýar.
Häzirki Hytaýyň çäginde dinozawrlar bilen bir döwürde ýaşan guşuň adatdakylaryňka garanda, has uzyn dili bolupdyr.
Alymlar ýurduň demirgazyk-gündogarynda mundan 120 million ýyl ozal ýaşap geçen we skeleti daşa öwrülen jandaryň diliniň kellesiniň ölçeginden uludygyny ýüze çykardylar.
Topar ol uzyn dilini mör-möjekleri tutmak üçin ulanandyr diýen gipotezany öňe sürdüler. Ýöne bu guşuň nektaryň tozanjyklary bilen iýmitlenen bolmagy hem mümkin.