SPORT WE SYÝAHAT

Zenanlaryň arasyndaky futzal ýaryşy gyzyşýar

Lebap welaýatyna wekilçilik edýän futzal toparlary zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogyndaky illkinji ýeňişlerini gazandylar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýaryşa Gündogar sebitden «Miras» we «Nokat» futzal toparlary wekilçilik edýär.

Birinji tapgyrda «Miras» «Daşoguzdan» 6:2 hasabynda üstün çykan bolsa, şol tapgyrda «Nokat» «Ahal» toparyndan 2:3 hasabynda utuldy.

Ýaryşa ýeňiş bilen başlan «Miras» ikinji tapgyrda «Olimpden» 0:6 hasabynda asgyn geldi, Bu gezek «Nokat» Aşgabat şäheriniň adybir toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Edil häzir «B» toparçada «Nokadyň» ýaryşyň indiki tapgyryna geçmek mümkinçiligi bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: