BILIM

Türkmenistanly okuwçylar onlaýn halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan uzak aralykdan (onlaýn görnüşde) geçirilen 1-nji halkara Lutfi Zade halkara bäsleşigine gatnaşan türkmen okuwçylary 4 kümüş, 1 bürünç, jemi 5 medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazeti şeýle habar berýär. 

Baku şäherinde matematika we informatika dersleri boýunça guralan bu bäsleşige 18 döwletden jemi 158 okuwçy gatnaşdy. Oňa Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-syndan düzülen saýlanan topara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: