TARYH

Şofýor bilen sürüjiniň arasynda nähili tapawut bar?

Köpler, belki, bu iki sözüň arasyndaky tapawudy görýän däldirler. Ýöne, hakykatda welin, olar biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Häzir ulanylmaýan diýen ýaly, «şofýor» diýen sözden başlalyň. Bu söz rus diline fransuz dilinden, türkmen diline bolsa rus dilinden geçipdir. «Chauffeur» sözi «ot ýakýan», peç ýakýan» diýip terjime edilýär. XIX asyrda otlynyň pejine odun we kömür salýan adamy hem şeýle atlandyrypdyrlar.
Soňra lokomotiwi dolandyrýan adamy, awtomobil peýda bolandan soň bolsa, maşyn sürýän adamy hem şeýle atlandyryp başlapdyrlar.
Ýeri gelende bellesek, öňler awtomobili dolandyrjak bolsaň, ýaga bulaşmaly bolupdyr. Elektrik starterler ýok eken, hemişe maşynyň bir ýerini gatyrmaly, ýaglamaly bolupdyr. Tehniki hyzmat edýän stansiýalar bolmandyr, şonuň üçin hem maşyny sürýän adam ony remont hem edipdir.
Uruşdan soň SSSR-de awtomobiller köpelip başlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýollarda ýük we hökümet maşynlary bilen birlikde adaty ýeňil maşynlar hem peýda bolupdyr. Olar köpelmeginiň netijesinde mehanikler taýýarlanylypdyr we tehniki hyzmat ediş stansiýalary gurlupdyr. Şol wagt hem sürüjiler peýda bolup başlapdyrlar.
Indi iki sözüň tapawudy düşnükli bolan bolsa gerek. Awtomobili diňe dolandyrýan adama «sürüji» diýilýär. Şofýor bolsa ony sürmek bilen bir hatarda, oňa remontam edýär, tehniki hyzmatam.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply