DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Özbegistanda «Chevrolet Tracker» krossowerini çykaryp başlarlar

«UzAwtomotors» zawody «General Motors» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «GEM» modulynyň esasynda «Chevrolet»-niň täze modellerini çykarmaga taýýarlyk görýär. Geçen ýylyň güýzünde «Credit Suisse» şweýsar maliýe konglomeranty zawoda 150 million ýewro karz berdi.
Bu serişdeleriň ýygnaýyş sehini modernizirlemäge gönükdiriljekdigi belli edildi. Şu aýyň başyna her ýyl 60 000 kuzow öndürmäge niýetlenen, meýdany 7628 м2 deň bolan täze keşbirleýji seh enjamlaşdyryldy.
Häzirlikde täze sehde şu wagt ýygnalýan modelleriň kuzowyny keşbirlemek özleşdirildi. Ýöne zawod geljekde häzirki zaman awtomobillerini hem goýbermekçi. «Chevrolet Tracker» olaryň ilkinjisi bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply