TARYH

Läheňiň guýrugy metronyň wagonyny gaçmakdan saklady

Niderlandiýanyň şäherleriniň birinde metronyň poýezdleriniň biri relsden çykyp, tas suwa gaçan eken. Ony läheňiň guýrugy saklap galypdyr. Bu barada «Популярная механика» žurnaly habar berýär.
Awariýa ýarym gijä ýakyn bolupdyr we ýakyndaky jaýlaryň ýaşaýjylaryny ukudan oýarypdyr. Ýerli ýaşaýjylar şakyrdynyň bary-ýogy birnäçe sekundlap, ýöne örän gaty bolandygyny we adamlary näme bolandygyny bilmek üçin daşary çykmaga mejbur edendigini aýdýarlar. Olar deponyň daşyny gurşap alan suwuň howdanynyň üstünde asylyp duran wagony görenlerinde, haýran galmakdan ýaňa agyzlaryny açypdylar.
Wagonyň ýarysy suwuň üstüne abanyp, beýleki ýarysyny bolsa läheňiň ýüzgüçleriniň görnüşinde edilen heýkel saklap duran eken. Bu heýkel metronyň soňky stansiýasynyň ýakynynda 2002-jnji ýylda oturdylypdy. Ol onçakly berk bolmadyk polimerden — poliesterden (gurluşyk desgalarynda we geýim tikmek işlerinde ulanylýan sintetik materialdan) edilipdir. Emma muňa garamazdan, güýçli egreýen hem bolsa, wagony saklap galypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply