JEMGYÝET

Lebapdaky ýeralma ekişi «Mir24» teleýaýlymynda

«Mir24» teleýaýlymy Türkmenistanda ýeralma ekilişi bilen bagly wideogörnüşleri taýýarlap, tomaşaçylaryna ýetirdi. Ýaýlymyň habarçysy Andreý Ýeganowyň aýtmagyna görä, şu ýyl ýurtda 1500 gektar ýerde ýeralma ekildi.
Daýhanlar her gektardan 140 sentner ýeralma almagy meýilleşdirýärler. Ýurduň amatly howa şertleri ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Ýylyň ilkinji hasylyna maý aýynda garaşylýar.
Wideogörnüşlerde welaýatyň Çärjew etrabyndan oba hojalykçylar Merdan Şadyýew we Myrat Gazakow dagylar bilen söhbetdeşlikler hem paýlaşylypdyr. Olar «Tebigy ekin» daýhan hojalygyna degişli ýeralmaly meýdanlarda 250 adamyň işleýändigini gürrüň berýärler.
Häzir hojalykda beýleki gök önümleriň ekişine hem taýýarlyk görülýär. Çeşmäniň habaryna görä, Lebap welaýatynda gök we bakja ekinleri 5,5 müň gektardan gowrak ýere ekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply